Geçen sanlyja ýylyň dowamynda döwletimiz Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly gadam urup, hemmetaraplaýyn berkäp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda öňe sürlen ykdysady strategiýanyň çäklerinde milli we halkara ähmiýetli iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan kuwwatly zawodlaryň, fabrikleriň gurulmagy, ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde, etraplarda, obalarda halkymyzyň parahat, bagtyýar, abadan durmuşy üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine uly itergi berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz Türkmenistan döwletimiz günsaýyn gülläp ösýär. Her bir halkyň bagtyýar hem bolelin durmuşda ýaşamagy üçin, döwletiň kuwwatly ykdysady ulgamynyň bolmagy bolsa zerur bolup durýar. Döwletimiz ykdysady ulgamyň has-da kuwwatlanmagy üçin erkin bazar ykdysadyýetini ösdürmäge uly üns berýär. Erkin bazar ykdysadyýetinde bolsa telekeçileriň tutýan orny uludyr. Döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylýan telekeçiler hem özleriniň ukyp-başarnyklaryny, güýç-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, dünýäniň birnäçe döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary alyp barýar. Garaşsyzlygymyzy gazanan ilkinji günlerimizden başlap, döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny yglan etdi. Bu syýasat daşary ýurt maýadarlaryna ýol açmak, bilelikdäki kärhanalary gurmak işine çekmek arkaly milli ykdysadyýetimize häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmekdir. «Açyk gapylar» syýasatynyň yglan edilmegi bilen «Daşary ykdysady iş hakynda», «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda» kanunlary kabul edildi, ýagny daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemekleri üçin hukuk giňişligi döredildi, olaryň milli ykdysadyýetimize maýa goýumlarynyň goraglylygy kepillendirildi. Şol döwürden bäri geçen ýyllaryň dowamynda milli ykdysadyýetimiz yzygiderli we durnukly ýagdaýda gülläp ösýär. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilýän önümler diňe bir içerki bazary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurtlaryň hem ençemesine eksport edilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň möçberini köpeltmek, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Türkmen telekeçileri döwletiň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýärler we öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin arman-ýadaman zähmet çekýärler. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleriniň dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilen halkara sergilerde görkezilmegi we daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär.
Telekeçilik ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli önümçilik ulgamlarynda aýgytlaýjy orunlary ynamly eýeleýär we döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine saldamly goşandyny goşýar. Döwlet hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek bilen telekeçilik ulgamynyň ýurduň jemi içerki önüminde tutýan paýyny yzygiderli artdyrmagy, şunuň bilen baglylykda hem ilatyň girdejisini ýokarlandyrmagy nazarda tutýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde nyrhlar önümçiligiň möçberini we düzümini, maddy akymlaryň hereketini, harytlaryň öndürilýän we ýerlenilýän möçberini, bularyň hemmesiniň netijesinde hem ilatyň hal-ýagdaýynyň derejesini kesgitlemekde möhüm orny eýeleýär.
Kiçi we orta telekeçiligi, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ösdürmek häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy maksatlary täze iş orunlaryny döretmek arkaly haryt bazaryny ýerli önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de telekeçilik birlikleriniň işiniň ýurt üçin ileri tutulýan ugurlaryny ilerletmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Oba hojalygy ulgamynda hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak uly ähmiýete eýedir. Bank ulgamy bu işe mynasyp goşant goşýar.
Oba hojalygynda kiçi kärhanalary döretmekde we ösdürmekde maliýe kömegi aýratyn möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky oba ilatyna we ýer böleklerine eýeçilik edýän şäher ilatyna ýurduň çäginde oba hojalygyny ösdürmek hem-de önümçiligi goldamak maksady bilen, kiçi göwrümli karzlary hödürleýär.
Telekeçiler diňe bir halkymyza ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri hödürlemän, ýüzlerçe täze iş orunlaryny döredip, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine hem goşant goşýarlar. Türkmen telekeçileriniň ösdürip ýetişdiren ekologiýa taýdan arassa, azyk önümleri diňe halkymyzyň däl, eýsem, doganlyk halklaryň hem ak bazarlaryna, mukaddes saçaklaryna bereket bolup dolýar. Bu pursatda daşary döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýup, adamzat bähbitli beýik işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň goldawlary netijesinde, türkmen telekeçileriniň dünýä bazaryndaky mynasyp ornunyň barha artjakdygyna berk ynanýarys.
Telekeçiligi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin !
Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.