Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BITARAPLYK – BUÝSANJYMYZ

He­mi­şe­lik ­Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň ­şan­ly ­30­-ýyl­lyk ­baý­ra­my ­bar­ha golaýlaşýar. ­Bu mö­hüm ­se­ne ­my­na­sy­bet­li ­da­ba­ra­ly ­çä­re­le­riň ­bi­ri-­bi­ri­ne ulaş­ýan ­döw­rün­de­–­hal­ka­ra­ pa­ra­hat­çy­lyk ­we ­yna­nyş­mak ­ýy­ly­nyň­ 23­nji­Sent­ýab­ryn­da ­Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ­Ser­dar­ Berdimuhamedowyň ­ Ameri­ka­nyň ­bir­le­şen­ ştat­la­ry­nyň Nýu­-ýork ­şä­he­rin­de ­bir­le­şen ­mil­let­ler ­gu­ra­ma­sy­nyň­ baş­ as­samb­le­ýa­sy­nyň 80­-nji ­ses­si­ýa­sy­nyň ­ple­nar­ mej­li­sinde çy­kyş­ et­me­gi ­aja­ýyp ­za­ma­na­my­zy ­hasda­ beý­gel­den ­wa­ka­la­ryň­ bi­ri ­bolup da­ba­ra­lan­dy.

Arkadagly gahryman Serdarymyzyň belent münberden eden taryhy çykyşy dünýäniň syýasy giňişliginde uly goldawa hem-de gyzyklanma eýe boldy. Birleşen milletler guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji bitarap döwletiň baştutany hökmünde hormatly prezidentimiziň ýurdumyzyň ýer ýüzünde dost-doganlygy berkitmekde, parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde durmuşa geçiren işlerine we öňde durýan wezipelere giňişleýin seljerme bermegi, anyk teklipleri öňe sürmegi taryhy ähmiýete eýedir. Arkadagly gahryman serdarymyz öz çykyşynda: «mälim bolşy ýaly, şu ýyl türkmenistanyň başlangyjy boýunça baş assambleýa tarapyndan «halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şanly waka bmg-niň döredilmeginiň ýubileýine gabat gelýär. Şu ýylyň dekabrynda türkmenistanda halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, ýokary derejeli iri halkara forum geçiriler. Bu foruma bmg-niň strategik maksatlaryny gazanmaga anyk goşant hökmünde garaýarys we oňa giň halkara wekilçiligiň gatnaşjakdygyna umyt edýäris» diýip nygtamak bilen, ynanyşmagyň

We özara düşünişmegiň ýola goýulmagynyň hem-de pugtalandyrylmagynyň ulgamlaýyn, yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygy bilen baglylykda, türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürýändigini, halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamagyň sammitiň esasy wezipeleriniň biri bolmalydygyny aýtmagy uly goldawa eýe boldy. Umuman, döwlet baştutanymyzyň bu taryhy çykyşy hem-de onda öňe süren umum-adamzat bähbitli teklipleri ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny, dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda aýratyn işjeňlik görkezýändigini nobatdaky gezek äleme aýan etdi.

Serdar PAŞIKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.