Türkmen halkynyň adyny älem-jahanda beýgeldip, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän şeýle gymmatlyklarymyzyň biri bolan alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamakda we olaryň sanyny artdyrmakda alnyp barylýan işler her birimizi guwandyrýar.
Alabaýlar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklary hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler. Köp ýüz ýyllyklaryň dowamynda bu tohum itler adamlar üçin ygtybarly garawul bolup hyzmat edipdir. Gadymy türkmen halylarynyň göllerinden tapylan it şekillerinde, Altyn depeden tapylan terrakotadan ýasalan itiň heýkeljigi, gadymy Marguşdan we Jeýtundan tapylan itiň ystyhanlary, gazuw agtaryş işleriniň barşynda tapyldy. Türkmen itleriniň penje yzlary IX-XIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginiň kerpiçlerinde möhür bolup galypdyr. Gadymy yrymlara görä, bu nagyş tumaryň wezipesini ýerine ýetiripdir.
Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan itleriň toýundan ýasalan heýkeljikleri, Merwde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan beýleki bir arheologiki tapyndyda itleriň orta asyrlara degişli heýkeljikleri bar. Şeýlelikde adam bilen türkmeniň alabaý itiniň wepaly dostlugynyň asyrlar boýy ýakyn arabaglanşygynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda türkmen Alabaýy dünýäde meşhur tohumlarynyň biri hökmünde ykrar edildi.
Türkmen halky iti ýetişdirmek işinde-de ussatlyk görkezipdir. Ony özüniň aýrylmaz hemrasyna, ýakyn kömekçisine öwrüpdir. Bu ýakyn gatnaşyk türkmeniň dilinde-de öz beýanyny tapypdyr. Itiň häsiýetleri, eýesine wepalylygy barada nakyllaryň, durnukly söz düzümleriniň, ertekilerdir rowaýatlaryň, matallardyr tymsallaryň birnäçesi döredilipdir. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle nakyllaryň altmyşdan gowragy ýerleşdirilipdir. Olardan «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar.
Birnäçe ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyzyň itşynaslar, tohum saýlaýjylar, taryhçy we ülkäni öwrenýän bilermenleri arasynda meşhur bolan «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň okyjylara gowuşmagy Türkmenistanda itşynaslyk hereketiniň okgunly ösüşine goldaw boldy. Kitapda bu tohumyň artyk taraplary, ýyl ýazyjylarynyň ýatlamalary, alabaýyň keşbiniň ýazuw we gürrüň bermek arkaly halk döredijiliginde beýan edilişi adam bilen itiň arkalaşygy barada taryhy hakykatlar berlipdir. Kitap gadymy döwürlerden bäri tomsuň jöwzasynda we gyşyň aňzagynda Köpetdagyň etekleriniň beýik we gurak eňňitleriniň arasynda süriniň yzyna düşüp, adama wepaly hyzmat eden Orta Aziýa gurtbasarlarynyň tohumyny ösdürip ýetişdiren, gorap saklan we ukyplaryny kämilleşdiren seçimçiler nesillerine bagyşlanypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabynda «...Öýünden uzaga ryskyny idäp giden kişilere bedewi ýoldaş bolupdyr, olaryň öýüne goragçysy bolsa, wepaly alabaýlary. Şonda syrgyndan çete çykyp, gelip-geçene ünsli nazar salyp oturan alabaýy bolan oba del aýak sekmeýär» diýilýär. «Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip belleýär.
Häzirki wagtda ýurtda halkyň milli mirasyny, Türkmen alabaýlaryny dünýäde goramak, köpeltmek we neslini gorap saklamak maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu it tohumunyň taryhyny we onuň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek üçin ähli şertler döredildi. Alabaý itlerini köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň tagallalaryny birleşdirmek üçin biziň ýurdumyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Gysga wagtyň içinde bu abraýly guramanyň agzalarynyň sany ep-esli artdy we onuň düzümine daşary ýurtly hünärmenler hem goşuldy.
Ýurdumyzyň serhet galalarynda we berkitmelerinde serhetçi alabaýlary saklamaga, olar bilen degişli türgenleşik işlerini geçirmäge niýetlenilen döwrebap binalarynyň gurulandygyny hem bellemeli. Halkara görkezijilerine laýyklykda, enjamlaşdyrylan binalarda alabaýlary serhet goragynda ulanmak üçin taýýarlamaga niýetlenilen döwrebap binalaryň gurulandygyny bellemeli.
Arassa tohumly alabaýy köpeltmek boýunça işjeň işler alnyp barylýar, ithanalar we ýardamçy binalar, itşynaslyk merkezi guruldy.
Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik gelejegimiz üçin gijesini gündiz edip işleýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.