Türkmenistan bütin dünýäde iri üstaşyr ulag merkezi hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Şoňa göräde, 8-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasy geçirildi. Çünki hormatly Preziden timiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag logistika pudagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän esasy ugurlaryň-birine öwrüldi. Bu strategik ugurda döwlet we hususyýetçilik hyzmatdaşlygy täze belentliklere çykyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzyň logistika mümkinçiliklerini giňeltmäge uly goşant goşýarlar.
DOST-DOGANLYK KÖPRÜLERI-BERKIDILÝÄR
Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde, has takygy, Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň çatrygynda ýerleşmegi ýurdumyzy halkara ulag gatnawlarynyň iň möhüm merkezleriniň birine öwürýär. Döwletimiz tarapyndan bu ugurda durmuşa geçirilýän ulag-logistika syýasaty dünýä derejeli we kämil infrastrukturanyň kemala gelmegine şert döretdi. Häzirki zaman ýokary tizlikli awtomobil ýollary, demir ýollar, Türkmenbaşy halkara deňiz porty we döwrebap howa menzilleri ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ençeme esse artdyrýar. Döwletimiziň bu pudaga berýän yzygiderli goldawy, salgyt we gümrük ýeňillikleri, şeýle hem kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi halkara ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegini üpjün edýär.
Türkmenistanyň alyp barýan ulag diplomatiýasy halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly itergi berýär. Şol sanda ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygy ýükleriň eltilme wagtyny gysgaltmaga we tygşytlylygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzyň döwrebap demir ýollarynyň dünýäniň demir ýol ulgamlary bilen utgaşdyrylmagy üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberiniň yzygiderli artmagyna itergi berýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bolsa «deňiz derwezesi» hökmünde Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň ara- syndaky iň amatly deňiz ýollarynyň biri bolup hyzmat edýär.
«Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, döwletimiziň halkara konwensiýalara goşulmagy we gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilikleri açýar. Döwrebap terminallar we ammarlar toplumlary ýükleriň ýokary hilli saklanylmagyny üpjün edýär. Ýollarda döredilýän tehniki hyzmat ediş nokatlary halkara daşaýjylar üçin uly ýeňillikleri döredýär. Şundan ugur alsak, gurulýan her bir täze ýol diňe ykdysady däl, şol bir wagtda, dostlukly gatnaşyklaryň hem dabaralanmasydyr. Diýmek, biz täze ýollary gurmak bilen, dünýä ýurtlarynyň arasyn da dostluk köprülerini berkidýäris. Bu bolsa Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär.
HUSUSY PUDAK YKDYSADY ÖSÜŞIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Häzirki wagtda döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakda, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileri uly işleri alyp barýarlar. Täze ykdysady ugrumyzyň hereketlendiriji güýjüne öwrülen hususyýetçilerimiz möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirip, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar». Muňa häzirki wagtda ýurdumyzda hususy ulag-logistika we ekspeditorçylyk kärhanalarynyň ýüzlerçesiniň üstünlikli hereket etmegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmen telekeçileri bu döwrebap infrastrukturadan netijeli peýdalanyp, logistika hyzmatlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini üpjün edýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary diňe bir ýükleri bir nokatdan beýleki nokada eltmek bilen çäklenmän, eýsem, ýükleri saklamak, gaplamak, gümrük resmileşdirişi we «gapydan gapa» ýörelgesi boýunça toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýärler. Hususy logistika kärhanalary milli önümlerimiziň dünýä bazaryna çykarylmagy we dürli görnüşli harytlaryň halkymyza bökdençsiz ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.
Hususy pudagyň wekilleri öz işlerinde «ýaşyl logistika» ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmaga çalşyp, ekologiýa taýdan arassa daşama usullaryna ähmiýet berýärler. Telekeçiler tarapyndan gurulýan sowadyjy ammarlar azyk önümleriniň hilini asyl durkunda saklamakda uly orun tutýar. Telekeçilik başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy täze innowasion logistik ugurlaryň döremegine itergi berýär. Şunda ulag-logistik kärhanalaryň arasynda bäsdeşligiň bolmagynyň hyzmatlaryň bahasynyň elýeterli bolmagyny we hiliniň hemişe ýokarlanmagyny üpjün edýändigini aýratyn nygtamalydyrys. Şoňa görä-de, türkmen telekeçileri bu gün dünýäniň islendik nokadyna iň çylşyrymly ýükleri gatnatmaga ukyplydyr. Olaryň bu ugurdaky täzeçil pikirleri milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmakda möhüm orny eýeleýär.
SANLYLAŞDYRMAGYŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI
Häzirki wagtda döwrebap logistikany sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şonuň üçin-de, ýurdumyzyň ulag-logistika pudagyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda GPS monitoring — ýükleriň hereketine onlaýn gözegçilik etmek, şol sanda sanly gümrük hyzmatlary, elektron resminama dolanyşygy we «bitewi penjire» ulgamy işjeň peýdalanylýar.
Hususy kärhanalar öz işinde öňde- baryjy programma üpjünçiliklerini ulanmak arkaly ýük daşama amallaryny awtomatlaşdyrýarlar. Sanlylaşdyrmak diňe bir wagty tygşytlaman, eýsem- de bolsa, hyzmatlaryň elýeterliligini, howpsuzlygyny we aýdyňlygyny üpjün edýär. Bu täzeçil usullar Türkmenistanyň halkara logistika ulgamynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrýar we ynamdar hyzmatdaş hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Sanly ulgam arkaly ýük akymlarynyň işjeňleşdirilmegi kärhanalaryň çykdajylaryny azaldyp, ykdysady netijeliligi ýokarlandyrýar. Programma üpjünçilikleriniň ýerli IT hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülmegi bolsa aýratyn buýsandyryjydyr.
Maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi sanly logistikanyň esasyny düzýär. Şeýle-de tehnologik innowasiýalar işgärleriň zähmet öndürijiligini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bulut tehnologiýalarynyň ulanylmagy maglumatlaryň islendik nokatdan elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Şol sanda sanly ulgam arkaly guralýan gatnaşyklar maddy serişdeleri tygşytlamaga we iş akymynyň durnuklylygyny saklamaga uly ýardam edýär.
Umuman, bularyň ählisi ýurdumy- zyň ulag-logistika mümkinçiliklerini işjeň durmuşa geçirmekde diýseň ähmiýetlidir.
Görnüşi ýaly, döwletimiziň goldawy, kämil infrastruktura we hususy pudagyň ýokary işjeňligi ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap merkezine öwrülmegini üpjün edýär. Türkmen telekeçileriniň bu ugurdaky gujur-gaýraty milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda, halkara dostluk we parahatçylyk gatnaşyklarynyň berkemegine hyzmat edýär.
Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.