Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

«AGRO PACK TURKMENISTAN — 2026»: TELEKEÇILIK ÜÇIN TÄZE GÖZÝETIMLER

Paýtagtymyzda geçirilýän «Agro Pack Turkmenistan» halkara sergileri ýyl-ýyldan gerimini giňeldip, sebitdäki iň täsirli işewürlik meýdançalaryň birine öwrüldi. Şu ýyl 12 — 14-nji maý aralygynda dowam edýän bu çäre azyk senagaty, gaplama tehnologiýalary we oba hojalyk pudagynda işleýän hususy telekeçiler üçin strategik ähmiýete eýedir.

​Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň, aýratyn-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň paýy barha artýar. «Agro Pack Turkmenistan» sergisinde telekeçiler iki ugurda möhüm orun eýeleýärler. Ilki bilen telekeçiler öndürijiler hökmünde çykyş edip, ýurdumyzda öndürilýän azyk önümlerini, miwedir gök önümlerini we taýýar harytlary halkara jemgyýetçiligine tanyşdyrýarlar. Ikinjiden hususy oba hojalykçylar innowasiýalar ulgamynda işjeňlik görkezip, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny öz önümçiligine ornaşdyrmaga çalyşýan işewürler hökmünde çykyş edýärler.

​Telekeçiler bu ýerde diňe bir gatnaşyjy däl, eýsem, täze şertnamalaryň we ykdysady gatnaşyklaryň esasy binýadyny tutujylardyr. Olar ýerli bazaryň isleglerini öwrenmek bilen, haýsy tehnologiýalaryň Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine we sarp ediş medeniýetine laýyk gelýändigini kesgitleýärler.

​Sergi telekeçilere özleriniň alyp barýan işlerini täze derejä çykarmak üçin birnäçe amatly şertleri hödürleýär. «Agro Pack Turkmenistan» sergisinde Türkiýe, Hytaý, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary gaplama enjamlaryny, gaýtadan işleýiş liniýalaryny we suwaryşyň döwrebap ulgamlaryny görkezýärler. Ýerli telekeçiler üçin bu enjamlary ýerinde görüp, olaryň netijeliligini barlamaga mümkinçilik döreýär. Bu bolsa önümçilik çykdajylaryny azaltmaga we önümiň hilini ýokarlandyrmaga ýol açýar.

Gaplama we marketing strategiýalary serginiň tejribe toplamaga mümkinçilik berýän möhüm ugurlaryna degişlidir. ​Häzirki zaman söwdasynda önümiň daşky görnüşi, ýagny gaplamasy edil azygyň öz hili ýaly möhümdir. Sergide hödürlenýän ekologik taýdan arassa, önümi uzak wagtlap ter saklaýan we dizaýn taýdan özüne çekiji gaplama çözgütleri telekeçilere öz harytlaryny dünýä bazaryna çykarmaga kömek edýär.

Sergi halkara hyzmatdaşlygy üçin köpri bolup hyzmat edýär. Daşary ýurtly maýadarlar we söwda wekilleri türkmen telekeçileriniň önümlerine uly gyzyklanma bildirýärler. Bu ýerde baglaşylýan ylalaşyklar ýerli önümleriň eksportynyň artmagyna, ýagny ýurdumyza walýuta akymynyň gelmegine gönümel täsir edýär.

​Serginiň çäginde geçirilýän işewürlik duşuşyklary telekeçilere täze hyzmatdaşlary tapmaga, tejribe alyşmaga we bazaryň ösüş ugurlaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde «Nähili öndürmeli?» diýen soragdan «Nädip has bäsdeşlige ukyply bolmaly?» diýen soraga jogap tapylýar.

Bu sergi Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek baradaky döwlet syýasaty bilen doly utgaşýar. Döwletimiz tarapyndan telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar we salgyt ýeňillikleri, «Agro Pack Turkmenistan» ýaly sergilerde görkezilýän täze tehnologiýalary satyn almaga we önümçilige ornaşdyrmaga uly ýardam berýär. Sergide sanly ulgamyň oba hojalygyna ornaşdyrylmagy, «akylly» ýyladyşhanalar we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary aýratyn orun tutýar. Bu bolsa geljekde türkmen telekeçileriniň sebitde iň döwrebap önümçilik düzümine eýe boljakdygynyň subutnamasydyr.

«Agro Pack Turkmenistan» sergisi diňe bir innowasiýalaryň we üstünlikleriň sergilenişi däl-de, eýsem, täze pikirleriň, uly maksatnamalaryň we işewür gatnaşyklaryň jemlenen ýeridir. Telekeçiler üçin bu çäre täze tehnologiýalary, halkara hyzmatdaşlygy, bäsdeşlige ukyply bolmagyň ýollaryny açýar. Türkmen telekeçileri bu platformany netijeli ulanmak bilen, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge we dünýä bazarynda mynasyp ornuny tapmaga uly ädim ädýärler.

Mähriban halkymyzy ösüşleriň ak ýolundan öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Baýrammyrat ATAÝEW , Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.