Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÜRKMEN ALABAÝY – GAÝDUWSYZLYGYŇ EDERMENLIGIŇ NYŞANY

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy toýlarynyň biri hem dost-doganlygyň, güýçlüligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň, wepadarlygyň ajaýyp nyşany bolan milli gymmatlygymyzyň şanyna her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde toýlanylýan Türkmen alabaýynyň baýramydyr.

Şu günler türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen geçirilýän dabaralara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işgärleri bilen bir hatarda agzalary işjeň gatnaşýarlar. Halkymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän baý taryhyny-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan oňyn işlerini hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar. Alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna möhüm ähmiýet berilýändigini äşgär edýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen alabaýlarynyň başarnygyny, özboluşly häsiýetlerini we aýratynlyklaryny açyp görkezýän halkara bäsleşikleriň geçirilmegi hem-de onuň ýeňijilerine «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» derejäniň berilmegi aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda türkmen halky asylly däplere, milli mirasa hormat goýmagyň hem-de wepalylygyň özboluşly nyşanyna öwrülen gadymy alabaý itlerini gorap saklamak we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigini aýdyň görmek bolýar. Türkmen alabaýlary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň edebi döredijiliginiň aýratyn mowzugy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz şahyrana zehini netijesinde, milletiň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri bilen birlikde alabaýlaryň gaýduwsyzlygynyň, wepadarlygynyň waspyny ýetirýär. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz alabaýlaryň türkmen halkynyň diňe bir kömekçisi, emlägiň ygtybarly goragçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dostuna öwrülendigini we bu gün olar türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigini şeýle hem türkmen alabaýlaryny saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ýaly pederlerimiziň asylly däpleri häzirki döwürde hem dowam etdirilmelidir diýip örän jaýdar belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda häzirki wagtda türkmen alabaýlary halkyň medeniýetiniň möhüm bölegine öwrüldi. Alabaýlar halkymyzyň aňynda sazlaşyk, gözellik, diňe bir maddy däl, eýsem, ilkinji nobatda, ruhy gymmatlyk hökmünde özboluşly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde bu ýörelgeler öz wajyplygyny ýitirmän, eýsem, mazmun taýdan has-da baýlaşdy. Munuň özi halkymyzyň köp nesilleriň buýsanç duýgularyny hem-de halk seçgiçiliginiň ýokary derejesini kemala getirmäge mümkinçilik beren yhlasly zähmetiniň aýdyň miwesidir.

Eziz Diýarymyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri we ýetilen derejeleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly döredildi. Bu ýöriteleşdirilen žurnal kinologiýa ugry bilen çäklenmän, şu ulgamyň medeni ugruna möhüm ähmiýet berýär. Türkmen alabaýy halkymyzyň ykbalynda, halk döredijiliginde, edebiýatynda we filosofiýasynda möhüm orun eýeleýär.

Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde alabaýyň muşdaklarynyň sany artýar. Pederlerimiz daşky gurşaw bilen sazlaşykly hereket etmegiň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek däplerini döredipdirler we bize miras goýupdyrlar. Ýüz ýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilen we halkymyzyň aňynda pugta orun alan jemgyýetimiziň bu ýörelgeleri häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. türkmen alabaýlarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda bar bolan gorag itleriniň hatarynda öňdäki orunlara mynasypdygyny häzirki wagtda has-da aýdyň görmek bolýar. Türkmenistanyň çäginde geçirilen arheologik gözlegleriň maglumatlaryna laýyklykda, alabaýlaryň örän gadymydygy we türkmenleriň bu itlere özboluşly garaýşynyň bardygy hemmämize mälim bolup durýar.

Şeýle hem Eziz Diýarymyzda asyrlardan miras galan milli gymmatlyklar aýawly saklanylýar we olara sarpa goýulýar. Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz ýaly ähmiýetli medeni mirasymyz bilen bir hatarda, alabaý itleri dünýäde uly şöhrata eýe boldy. Ol türkmen halkynyň sazlaşyk, gözellik, dostluk we söýgi hakyndaky düşünjesini aýdyň beýan edýär. Pederlerimiz çydamlylygy we aýratyn wepalylygy bilen tapawutlanýan itleriň tohumyny kemala getirmegi başardylar. Elbetde şeýle ajaýyp işleri üstünlikli durmuşa geçirmekde yzygiderli alada edinýän  Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.