Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

PARAHATÇYLYGYŇ, YNANYŞMAGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLY

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we özara hormat goýmagyň tarapdary hökmünde tanalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen berk binýada eýe bolan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan has-da ösdürilýän daşary syýasat ýörelgelerimiz diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem ösüşiniň we abadançylygynyň kepili bolup çykyş edýär. Parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak — daşary syýasatymyzyň şygary bolmak bilen, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artmagyna şert döredýär. 

Türkmenistanyň daşary syýasatynda iň möhüm we tapawutly ugur hemişelik Bitaraplyk derejesidir. Bu derejämiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3 gezek ykrar edilmegi bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir». Şonuň üçin-de, döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň özeninde hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, halkara hukuk düzgünlerine hormat goýmak, parahatçylyk döredijilik, şeýle-de sebitde we dünýäde durnukly ösüşe itergi bermek syýasaty durýar. Şeýle syýasat halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha eýe bolýar we ýurdumyzyň halkara abraýyny barha beýgeldýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamada hem beýan edilişi ýaly, dünýä bileleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini, sebitiň ýurtlary, dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň we oňyn ornuny ykrar edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty diňe bir öz milli bähbitlerimize däl, eýsem, halkara jemgyýetçiliginiň umumy parahatçylykly ösüşine hem hyzmat edýär. Hemişelik Bitaraplyk — bu diňe bir syýasy dereje däl, eýsem, halkara gatnaşyklarynda ynamy, hormaty we hyzmatdaşlygy üpjün edýän ýörelgedir. Bitaraplyk syýasaty bilen Türkmenistan öz milli ýoluny saýlady — bu ýol parahatçylyk, özara hormat, ynanyşmak we ösüş ýoludyr. 

Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Ýurdumyzyň daşary syýasaty diňe bir syýasy-ykdysady gatnaşyklara däl, eýsem, medeni, ynsanperwer we ekologik hyzmatdaşlyklara-da giň ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara derejesinde geçirilýän forumlara, maslahatlara işjeň gatnaşýar hem-de Merkezi Aziýanyň ýüreginde ýerleşip, sebitdäki ýurtlaryň arasynda strategik köpri bolup durýan döwletimiziň parahatçylyk dörediji başlangyçlaryny, şol sanda halkara energetika howpsuzlygy, ulag-logistika ulgamlarynyň ösdürilmegi, suw we ekologik meseleleriň çözgüdi ýaly möhüm başlangyçlaryny öňe sürýär. 

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşyp, eden çuň manyly çykyşy bu hakykatyň iň täze subutnamalarynyň biridir. Şol çykyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki ýubileý sessiýasynyň dowamynda şu formatyň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmegi, onuň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiz bu işi Aziýa toparyndaky hyzmatdaşlar bilen başlamagyň, soňra geňeşmelere gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjy ýurtlaryň her birinde bilelikdäki medeniýet we sungat festiwallaryny yzygiderli esasda guramak mümkinçiligine seretmegi, şundan ugur alyp, «Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy» atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy we döwlet Baştutanlarynyň makullan ýagdaýynda, ugurdaş edaralara şeýle meýdançanyň usullaryny işläp taýýarlamak barada degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi. Dünýä döwletleri bilen ynsanperwer gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagy maksat edinýän bu teklipler uly goldawa eýe bolýar. 

Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde Türkmenistan Watanymyz daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge we diwersifikasiýa etmäge hem aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda dünýäniň onlarça döwleti bilen deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürýär. Energetika, ulag-logistika, oba hojalygy, dokma senagaty we sanly ykdysadyýet ýaly ugurlar Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrýan esasy pudaklardyr. 

Bu gün döwletimiz diňe bir tebigy baýlyklaryny däl, eýsem, ulag-logistika, senagat we oba hojalygy mümkinçiliklerini dünýä bilen paýlaşmak arkaly halkara ykdysady giňişlikde ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Bu ugurda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkalary ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär. 

Görşümiz ýaly, türkmen döwleti öz daşary syýasatynda ynsanyň bähbidini, ýaşaýyş derejesini, parahatçylygyny we ösüş mümkinçiliklerini iň ýokary gymmatlyk hökmünde öňe sürýär. Bu ýörelge Türkmenistana halkara derejesinde abraý getirýär we bitaraplyk bilen birlikde, ýurdumyzda durnukly ösüşiň, hoşniýetli gatnaşyklaryň we ynamly hyzmatdaşlygyň berk esasyny goýýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin öz döredijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanýar.

Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.