Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

MEDENIÝETIŇ HEM-DE SUNGATYŇ BAÝRAMY

Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda, bagtyýar halkymyzy il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmakda, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmekde giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalarynyň, goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde häzirki döwürde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. 

Medeniýetiň kämilligi jemgyýetiň ruhy taýdan ösüşini belende götermäge ýardam berýär. Raýatlary halal we döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda medeniýetiň hem sungatyň uly orny bar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22-nji iýunynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Bu giň gerimli döredijilik çäresi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri eziz Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip gelinýär. Sungatyň özboluşly baýramy milli medeniýetiň köpöwüşginliligini aýdyň açyp görkezýär. Türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilen hepdeligiň çäklerinde milli ruha beslenen çäreler geçirilip, olar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň, halkyň ruhubelentliginiň, abadan durmuşynyň çeper beýanyna öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu forumyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şöhratly wakalaryny has-da artdyryp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetli medeni çärä öwrüljekdigine ynam bildirilýär.

Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Köpasyrlyk medeniýetimiz jemgyýetimizi jebisleşdirýän we durmuşyny baýlaşdyrýan, bu ugurda dünýä derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýan ynsanperwer ýörelgelere esaslanýar. 

22-nji maýda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur aýdym-saz toparlarynyň konserti geçirildi. Joşgunly çykyşlar türkmen halkynyň baý mirasyny, sungat ussatlarynyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykardy. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmek baradaky asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlary wasp edildi. 

Dünýäniň medeni mirasynyň möhüm bölegi, sebitiň baý taryhynyň, medeni köpdürlüliginiň subutnamasy bolan Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri-de milli medeniýetimiziň naýbaşy gymmatlyklarydyr. Altyndepe, Namazgadepe, Goňurdepe, Änew, Gadymy Merw, Köneürgenç, Köne Nusaý, Paryzdepe, Şähryslam, Abiwerd, Dehistan, Sarahs ýaly özboluşly medeni-taryhy ýadygärlikler türkmen topragynyň şöhratly geçmişiniň subutnamalarydyr. Olar gadymy siwilizasiýalary öwrenmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek, Türkmenistanyň dünýä taryhynda eýeleýän ornuna düşünmek üçin gymmatly maglumat çeşmesidir. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde gadymy ýadygärlikleri öwrenmäge gönükdirilen ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi-de häzirki döwürde şöhratly taryhymyzy we milli mirasymyzy öwrenmek ugrundaky tagallalaryň nyşanydyr.

2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň dowamynda Änew şäheriniň, Bäherden, Gökdepe etraplarynyň medeniýet öýleri ýurdumyzyň dürli künjekleriniň, ýagny Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň medeniýet-sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem milli medeniýetimiziň toýy mynasybetli geçirilýän dabaralar işjeň gatnaşýarlar. Bu dabaralar biziň ählimizi täze üstünliklere ruhlandyryp, halkymyzyň baý medeni hem-de ruhy mirasyna buýsanjymyzy artdyrýar.

Altynaý Akmyradowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy