Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Sogaply işler dowamat

Düýn hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek arkaly berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy hem şeýle asylly işleriň rowaçlanýandygyny şertlendirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly sogaply işleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň, Watanymyzyň bedew bady bilen ösýändiginiň, gadymyýetde halklary we medeniýetleri biri-birine baglan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň sebitleriniň arasyndaky ulag gatnawlaryny has-da kämilleşdirmäge, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini görnetin ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge uly mümkinçilikleri açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça beren tabşyryklary, ýol çekmek ulgamynda öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen baglanyşykly maslahatlary gurluşykçylar üçin ýolgörkeziji boldy. Gurluşygyň meýilnamasyna laýyklykda, awtoban alty hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi, her tarapda, 11,25 metre, hereket zolagynyň giňligi 3,75 metre barabardyr. Munuň özi dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite zolak arkaly bölünýär.

Bellenen möhletlerde ýoluň uzaboýuna toprak, geotekstil düşeklerini ýazmak, çagyl-çäge garyndysyny düşemek işleri ýerine ýetirildi. Inženerçilik talaplaryna laýyklykda, 1-nji hem-de 2-nji gat daş düşeginiň hersiniň galyňlygy 30 santimetr bolup, 3-nji hem-de 4-nji gatlara, degişlilikde, 20 santimetrden düşeldi. Ýagny daş-çagyl düşeginiň umumy galyňlygy 1 metre barabardyr. Bulardan başga-da, ýoluň gurluşygynda 3 gat asfalt düşemek işleri ýerine ýetirildi. Olaryň her biriniň galyňlygy, degişlilikde, 10, 7 we 5 santimetre barabardyr. Ýol örtügi ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň berkligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybaratdyr. Olar ýol örtüginiň we köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginde gurluşyk işleriniň ýokary derejede, dünýä ülňülerine, halkara talaplaryna kybap gelýän derejede ýerine ýetirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň we halkymyzyň bähbidine, türkmenistanlylaryň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýändiginiň nyşanydyr.

Döwrebap awtobanyň ugrunda hereketiň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda hemme zerur şertler bar. Ýoluň ugrundaky köpsanly köprüler, ýerasty we ýolüsti geçelgeler, suw geçirijiler, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýangyç guýujy beketler ýokary tizlikli awtomobil ýolunda hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmäge, ýolagçylar üçin ähli amatlyklary döretmäge mümkinçilik berýär.

Täze ýoluň ugrundaky söwda nokatlary, naharhanalar we myhmanhanalar, ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary döwrebap awtoban boýunça hereketiň mümkingadar rahat we oňaýly bolmagyna ýardam edýär.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunda diňe bir ýolagçylaryň däl, eýsem, gözel tebigatymyzyň bezegi bolan janly-jandarlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hem ähli şertleriň döredilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýabany haýwanlaryň ýa-da hojalyk mallarynyň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen demir gorag germewleriniň oturdylmagy, olaryň ýoldan geçirilmegi üçin kesgitli aralyklarda ýörite geçelgeleriň döredilmegi aýdylanlary tassyklaýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde gurulýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň sebitlerini biri-birine baglap, ýolagçylaryň we ýükleriň gysga wagtda, bökdençsiz gatnadylmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ýol ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyryp, logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly goşant goşar.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine hyzmat etjek aýna ýaly tekiz, arassa, nurana ýollary gurdurýan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işlerinde mundan beýläk hem rowaçlyklary arzuw edýäris!

Arslan Täşliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.