Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen namalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan işlere ýaşlary giňden çekmek hem-de höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýaşlaryň arasynda Maglumat tehnologiýalar ugry boýunça «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly startap bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň maksady telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge ýardam bermek, zehinli ýaşlary we innowasiýany goldamak, şeýle hem ýurduň jemgyýetçilik-ykdysady durmuşyna öňdebaryjy pikirleri we tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin amatly gurşawy döretmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň maksatlary
Gatnaşyjylar
Geçiş tertibi
Bahalandyryş ölçegleri
Bäsleşigiň şertleri
Bäsleşige gatnaşmak isleýän startaperler hödürlenýän täjirçilik taslamalary 2025-nji ýylyň 22-nji oktýabryna çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetine (Aşgabat şäheri, S.Türkmenbaşy şaýoly, 81, 3-nji gat) tabşyryp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän startaperler öz atlaryndan diňe bir taslamany hödürlemäge mümkinçilikleri bardyr.
Bäsleşigi jemlemegiň tertibi
Bäsleşigiň ýeňijileri şu baýrakly orunlar esasynda kesgitleniler:
1-nji orun – 1 ýer;
2-nji orun – 2 ýer;
3-nji orun – 3 ýer;
Bäsleşik 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary, baýrakly orunlara bäsleşigiň esasy hemaýatkäri TMT hojalyk jemgyýetiniň gymmat bahaly sowgatlary, şeýle-de guraýjylar tarapyndan tapawutlanan taslamalara höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
Bäsleşikde tapawutlanan, ykdysady bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge maýadarlary tapmakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ýakyndan goldaw berer.
Guramaçylyk boýunça görkezme
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Hukuk we halkara gatnaşyklar bölümi: 22-71-93 bayvtek@gmail.com
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölümi: 22-74-07, 22-70-38. tstp.ashgabat22@gmail.com
TSTP