Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş telekeçileri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda gurnamagynda Telekeçi A.Rejepowanyň önümçilik kärhanasynda “Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş telekeçileri” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda hususyýetçilere döwlet tarapyndan berilýän goldaw-ýardamyň netijesinde, döwlete degişli bolmadyk çygyr ösüşli döwri başdan geçirýär. Bu bähbitli ýagdaý, welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolup, telekeçilerimiz harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, hilini ýokarlandyrmakda uly işleri bitirýärler. Buýsançly bellemeli ýeri hem, telekeçilik milli ykdysadyýetimizde kuwwatly öndüriji güýç hökmünde öňe çykýar. Çykyşlarynyň ahyrynda, duşuşyga gatnaşyjylar telekeçilere döredip berýän şertleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, türkmen halkynyň bagtyýar geljegi, eşretli durmuşy üçin alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP