Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyşlar edenler Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammiti geçirildi. Bu sammitde abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG-sy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip aýtdylar. Bu gurama döredilenden bäri onuň meýdançasy agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin netijeli gurala öwrüldi. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar hem-de gurama gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu düzümiň çäklerindäki bilelikdäki işiň dowamynda uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin berk binýady döredýän tejribe toplandy diýip belläp geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
TSTP