Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Gelin-gyzlar bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan gurnamagynda Telekeçi M.Anzarowanyň önümçilik kärhanasynda “Bagtdan paýly, hakdan serpaýly, Arkadag Serdarly bagtly gelin-gyzlar” atly duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda eziz Diýarymyzda röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleri ruhy we beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, sowatly, düşünjeli, watansöýüji, zähmetsöýer edip kemala getirmek döwletimiziň, jemgyýetimiziň baş aladalarynyň biridir. Bu babatda Hormatly Prezidentimiziň belent tutumlaryndan gözbaş alýan beýik işleri, milli maksatnamalar bizi ýagty geljege alyp barýar. Ösüp gelýän ýaşlarymyzy ýokary ahlak düşünjeli adamlar edip ýetişdirmekde ata-babalarymyzyň terbiýe babatynda miras goýup giden milli edim-gylymlaryň, däp-dessurlarynyň orny örän uludyr. Ene-mamalarymyzyň görüm-göreldesi bilen, köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz döredijilikli ösdürilip, eli hünärli gyz-gelinler tarapyndan biziň şu günlerimize ýetirilipdir.

Dünýäniň ähli gözellikleri, mukaddeslikleri enäniň ruhy dünýäsinde ýerleşýär. Ol tebigatyň beýleki gözellikleri, baýlyklary ýaly göze görünmeýär, çünki ol iň mukaddes duýgy hasaplanylýar. Eziz enäniň ruhy dünýäsiniň döreden sungaty kalpdan-kalba, nesilden-nesle geçip, älemde müdimilik yz galdyrýar. Dürli-dürli nagyşlarymyz gadymyýetden bäri gelin-gyzlar tarapyndan keşdelenip, biziň döwrümize gelip ýetipdir diýip aýtdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.

TSTP