Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Halk Maslahaty – döwletli işleriň gözbaşy

2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda  “Halk Maslahaty – döwletli işleriň gözbaşy”  atly maslahat geçirildi.

Çykyşlarda: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Halkyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin düýpli aladalar edilýär. Şeýle beýik maksatlar göz öňünde tutulyp, ata-babalarymyzyň “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen ajaýyp jümlesinden ugur alnyp, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi baradaky ileri tutulýan wezipeler girizilip, onda il-ýurt bähbitli kararlar kabul edildi diýip aýtdylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Gahryman Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly işlerinde we başlangyçlarynda egsilmez güýç-gaýrat, täze üstünlikleri arzuw etdiler. 

TSTP