Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlygyň rowaç menzilleri

2023-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlygyň rowaç menzilleri” atly maslahat  geçirildi.

Çykyşlarda şu 19-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň                              78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygy barada şeýle-de  Prezidentler derejesindäki bu birinji duşuşyk meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik boldy diýip belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Döwlet  Baştutanymyzyň bu gezekki saparynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy diýip belläp geçdiler. Munuň  özi Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli beýik işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi diýip aýtdylar.

TSTP