Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

Arkadagyň göreldesi -  ýaşlar üçin ýörelge

2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Telekeçi T.Pinaýewiň önümçilik kärhanasynda “Arkadagyň göreldesi -  ýaşlar üçin ýörelge” atly maslahat duşuşygy  geçirildi.

Çykyşlarda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ähli ulgamlar bilen hususy  ulgamynyň ösdürilmegi, hil taýdan täze derejä çykarylmagy ugrunda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaş nesilleri kemala getirmekde, olaryň beden taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde ähli şertler döredilýär diýip aýtdylar . 

Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan beýik işler geljegimiz bolan ýaş nesilleriň aýdyň ertirlerini nazarlaýar. Ähli ulgamlarda döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

TSTP