2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Röwşen” hususy kärhanasynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – bagtyýar geljegimiziň şamçyragy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyşlarda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetini giňden wagyz etmek işleri güýçli depginde dowam etdirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady özgertmeler, şol sanda milli hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi raýat jemgyýetiniň, hukuk döwletiniň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, Diýarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir diýip duşuşykda belläp geçdiler. Bize şeýle mümkinçilikleri döredýän, adam hukuklarynyň mizemez goragyny döwrebap derejede kämilleşdirmegiň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP