Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Halk Maslahaty – ýurdumyzyň durmuşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletiň ösüşi, halkyň abadançylygy üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerine ser salanyňda, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerine buýsanjyň artýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly — bu şygar dillerde sena bolup ýaňlanýar. Bu şanly ýyldaky taryhy wakalar, ösüş-özgerişler Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Ösüşleriň ak ýolundan öňe barýan Watanymyzyň günsaýyn gülläp ösmegi il-günümiziň bagtyýarlygyny has-da artdyrýar. Halkymyza, ähli taraplaýyn görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Çünki, ähli belent tutumlaryň rowaçlanýan bu ýylynda bolup geçýän şanly wakalar, durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler kalplary ylhama besleýär, göwünlere ganat baglaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda günsaýyn gözelleşýän Diýarymyzyň şan-şöhraty bütin äleme ýaň salsyn diýip aýtdylar.
TSTP