Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Hojaly” hojalyk jemgyýetinde “Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir” atly maslahaty geçirildi. Çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 18-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Ak şäherimiz Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahatlar merkezinde geçirilen bu mejlisde döwletimiziň we jemgyýeti miziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň uly toýunyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljekdigini belläp geçdi we şu mejlisde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ösdürmekde gazanylýan uly üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň jeminiň jemlenjekdigini aýtdy. Bu mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisini hem-de Beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň baýramyny taýýarlykly garşylap, ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň meseleleriniň üstünde durup geçdi. Döwletimiziň durmuşynda möhüm syýasy waka boljak bu mejlisi çagyrmak, ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek we düzümini tassyklamak hem-de şu mesele bilen bagly beýleki wezipeleriň üstünde durup geçdi. Şonuň ýalyda mejlisde garalan meseleler boýunça degerli resminamalar kabul edildi. Indi türkmen halky Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň golaýlaýan taryhy wakalaryna taýýarlyk görýär. Halkymyzy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen täze belentliklere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri barha rowaçlyklara beslensin!
TSTP