Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty: halkyň bähbidine beýik işler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Ajap önüm” hojalyk jemgyýetinde  “Türkmenistanyň Halk Maslahaty: halkyň bähbidine beýik işler” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 18-nji iýulda paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Bu mejlis ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri boldy. Mejlisde, ilki bilen, «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp şygary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşy diňlenildi. Milli Liderimiz öz çykyşynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Watanymyzyň baş baýramy  bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny  dabaraly bellemek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça görülmeli taýýarlyk işleri barada giňişleýin durup geçdi. Dogrusy, ösüşli  Diýarymyzda her ýylda Garaşsyzlyk baýramynyň dabaraly bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek  asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp  barýan döwletli işleriniň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz taryhy çykyşynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça  guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de düzümini tassyklamak, Türkmenistanyň  Halk Maslahatynyň  düzümine welaýatlaryň we  Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň  tertibini tassyklamak hakynda resminamalaryň kabul ediljekdigini aýtdy. Her bir döwletli işiň başyna barlanda ýaşululara  sala salmak, olaryň paýhasly pikirlerini diňlemek Gahryman Arkadagymyzyň kalbyna ornan düşünjedir. Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine eýerýän Milli Liderimiz bu mejlisde Gurbanguly  Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga  mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr- sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilendigini aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek barada netijä gelendigini  belläp, Türkmenistanyň  Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasyny hem-de onuň düzümini tassyklamak  hakynda Karara gol çekdi.

Mejlisiň ahyrynda Arkadag Serdarly bagtyýar  ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berilmegi hemmämizi täze üstünliklere, beýik ýeňişlere  ruhlandyrdy diýip aýtdylar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ösüşlerini we özgerişlerine täze öwüşgin çaýjak bu syýasy waka mynasyp goşant goşjakdygymyza uly ynam bildirmegi bu ugurdaky işlerimizi döredijilikli we  guramaçylykly alyp barmaga  uly itergi berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy asuda saklaýan, halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik  tutumly işleri rowaç bolsun!

TSTP