Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty“ atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2023-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ömrüniň manysyny ýurt parahatçylygynda, il-günüň agzybirliginde, bagtyýarlygynda görýär. Birnäçe bölümlerden ybarat bolan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitapda manyly ömrüni ata Watanymyza, mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk durmuş ýolunyň beýany bar. Onda durmuşy özgertmegiň, eziz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmagyň geljekki ugurlary baradaky pikir-garaýyşlar öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, her bir ynsan öz ömrüni manyly günler bilen bezemäge çalyşýar. Ata Watanyň, il-günüň hyzmatynda bolmak, ak ýürekden zähmet çekmek, birek-birege goldaw-hemaýat bermek, ýagşylyk etmek, perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek ynsan ömrüni bezeýän asylly häsiýetlerdir. Täze kitaby okan her bir ynsan öz ömründe geçen ýollaryna, eden işlerine ser salyp görse gerek. Eger bu döwürde ylym-bilim alyp, jemgyýetde öz ornuny tapan bolsa, maşgala gurup, perzentlerini il hataryna goşan bolsa, onda onuň kalbynda rahatlyk dörär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her bir ynsanyň ylym-bilim almagy, ukyp-başarnygyny açyp görkezmegi, hünärini kämilleşdirmegi, zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň täze tehnologiýalar ornaşdyrylan ak mekdeplerde bilim alýarlar. Olaryň saýlap alan hünärleri boýunça ýokary bilim almaga, döwrebap önümçilik kärhanalarynda işlemäge mümkinçilikleri bar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň bagtyýarlygy, döwletimiziň berkararlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýärler. Bu aýdyň hakykata Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda açylyp ulanmaga berlen, diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde-de nusgalyk şäher bolan Arkadag şäheriniň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň durmuş ýolunyň dürli tapgyrlary barada giňişleýin maglumatlary berýän “Ömrümiň manysy” hem-de “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaplary biziň her birimiz hem-de ýaş nesiller üçin gymmatly ýol görkezijidir, nusgalyk mekdepdir. Gahryman Arkadagymyz bu kitaplarynda hakyda-da galan ajaýyp pursatlaryny biz bilen paýlaşýar. Nesil terbiýesi, bagtyýar geljegimiz baradaky oý-pikirlerini beýan edýär. Okamaga, öwrenmäge, durmuşda öz ornuňy tapmaga çagyrýar. Beýik pelsepä, çuňňur many-mazmuna ýugrulan şeýle ajaýyp eserleri bilen begendirýän Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, halkymyzy nurana geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys.

TSTP