Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

“Arkadag şäheri­geljegiň şäheri” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Düýn ­ Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň edara binasynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň gurnamagynda “Arkadag şäheri­geljegiň şäheri” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler halkymyzy şanly waka — Arkadag şäheriniň açylmagy we sebitde deňi­taýy bolmadyk bu şäheriň aýratynlyklaryny açyp görkezýän “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitabyň neşir edilmegi bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, bu kitaby tutuş halkymyz, ähli okyjylar köpçüligi “akylly” Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat hökmünde kabul etdi. Mundan başga­da, ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde gurlan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň geçirilen gününde “Arkadag” teleýaýlymynyň ýaýlyma çykmagynyň, şol günde “Arkadag” gazetiniň neşir edilip başlanmagynyň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem­de halkymyzyň abadan durmuşynyň we ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene bir beýanyna öwrülendigi bellenildi. Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP