Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Sagdyn jemgyýet – beýik geljek

2023-nji ýylyň 23-nji iýuny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi A.Rejepowanyň “Gerçek” haryt nyşanly önümçilik kärhanasynda “Sagdyn jemgyýet – beýik geljek” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahatda seredilen esasy mesele Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde orta atylan mesele — ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durmagy we temmäki önümleri ýaly, jemgyýetiň sagdynlygyna zyýan ýetirýän serişdeleri düýp göter ýok etmek barada boldy. Çykyş edenler zyýanly endikleri we oňa eýerýänleri ýazgaryp, ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmekde janaýamazakly zähmet çekjekdiklerini aýtdylar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bu zyýanly endikleriň soňuna çykmak barada beren tabşyryklaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Şonuň ýaly-da, olar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesillerimiziň sagdyn, berk bedenli bolmaklary we watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda bellediler. Ýurdumyzda adam saglygyna zyýan berýän temmäki önümlerinden daşda durmak üçin düýpli işleri durmuşa geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

TSTP