Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Ekologiýa abadançylygy – ýagty geljege kepil

2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Türkmeniň Rysgaly” hususy kärhanasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Ekologiýa abadançylygy – ýagty geljege kepil” atly duşuşyk maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda geljek nesillerimiz üçin ekologiýanyň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamak tutuş adamzadyň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Şol sebäpli hem, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler geljegi nazarlaýar. Ekologiýanyň howpsuzlygy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir. Durnukly ösüşiň maksatlarynda ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary boýunça ýerine ýetirilmeli işlere toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň oňyn netijeleri berýändigi aýdyňdyr. Ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamynda öz mynasyp ornuny eýeleýär we daşky gurşawy goramak boýunça halkara hukuk resminamalaryna işjeň gatnaşýar. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara barabar bolan meýdanlarda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi dowam edýär. Gök zolaklary döretmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmek babatdaky umumy dünýä işine hem ägirt uly goşantdyr. Tebigaty aýawly saklamak biziň hemmämiziň borjumyzdyr! Maslahata gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP