Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Türkmen – Täjik strategik hyzmatdaşlygy dostlukly halklaryň bähbidine ösdürilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Türkmen – Täjik strategik hyzmatdaşlygy dostlukly halklaryň bähbidine ösdürilýär” atly maslahaty geçirildi. Ösüşli zamanamyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde döwletimiziň halkara söwda gatnaşyklaryndaky işjeňligi has artýar. Türkmenistan Watanymyz dünýä üçin açyk ýurda öwrülip, ençeme halkara ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylýan ýurduna öwrüldi. Netijede ýurdumyzyň daşary söwdasy okgunly ösüşe eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hususy ulgamyň wekillerine daşary ýurtlaryň işewürleri, halkara işewür düzümler bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa telekeçilerimiziň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagy, hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryna geçmegi üçin ummasyz şertleri döredýär. Bu hakykata Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň öňüsyrasynda bu dostlukly ýurduň paýtagtynda geçirilen Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň, işewürler geňeşiniň birinji mejlisiniň hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisiniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bilşimiz ýaly, Täjigistan Respublikasy Türkmenistan üçin möhüm we ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Şonuň üçin bu ýurt bilen hyzmatdaşlygyň gerimi ykdysady çygyrda hem barha ösdürilýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejelere ýetirjek ähmiýetli çäreler üçin Täjigistana giden türkmen wekiliýetiniň düzüminde işewürler düzüminiň ýolbaşçysydyr hususy telekeçilerimiziň hem bolmagy bu gatnaşyklarda hususy ulgamyň hem paýynyň uludygyna şaýatlyk edýär. Bularyň ählisi türkmen işewürleriniň halkara arenasyndaky tejribesini has-da baýlaşdyryp, geljekki ösüşlerine goşant bolup hyzmat edýär. Hususy telekeçilerimiziň täze hyzmatdaşlary tapyp, söwda gatnaşyklaryny ýola goýmakda, önüm öndürijilerimiziň dürli ugurlardaky köpugurly kuwwatyny we giň mümkinçiliklerini aýdyňlygy bilen açyp görkezmekde, eksporta niýetlenen önümlerimizi mahabatlandyrmakda döredip berýän taýsyz mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza bolan hoşallygy çäksizdir.

TSTP