Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Täze eýýamda - kämillik döwrüň talaby

2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Täze eýýamda – kämillik döwrüň talaby” atly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy wakalary il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş- -özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şanly ýylymyzda döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmak, döwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly tutumly işler rowaç alýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 20-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi, bu taryhy mejlisde garalan meseleler ýokarda ýatlanymyza doly şaýatlyk edýär. Bu mejlise şu ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemi boýunça saýlanan we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlary we beýleki degişli wekiller gatnaşdylar. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy oňa gatnaşanlarda örän uly täsir galdyrdy. Milli Liderimiz çykyşynda demokratiýany ösdürmegiň, raýat jemgyýetini kämilleşdirmegiň, dünýä ölçeglerine laýyklykda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmegiň, hukuk taýdan goramagyň, syýasy ulgamy ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň tapawutlandyryjy aýratynlygydygyny nygtady. Giň wekilçilikli halk häkimiýetiniň ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen iňňän wajyp wezipeleriň üstünde giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu gün ata Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basandygyny belläp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu döwürde döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny giňeltmekde, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmekde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Mejlisde iňňän wajyp wezipeler öňde goýuldy. Şol wezipeleriň oňyn çözgüdi bolsa, her birimiziň öz ornumyzda döredijilikli, halal zähmet çekmegimiz bilen baglydyr. Maslahata gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP