Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Gahrymanlar baky ýaşar

     2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetini tarapyndan 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 78 ýyllygy mynasybetli “Gahrymanlar baky ýaşar” atly şygar astynda welaýatyň çäginde ýaşaýan uruş weterany bilen duşuşyk geçirildi. Geçirilen bu duşuşykda uruş weterany sowgatlar gowşuryldy.
      Watan, ene toprak, milli Tugumyz biziň üçin belent mukaddesliklerdir. Bu asylly ýörelgeler bize Watany mukaddeslik saýyp, il-günüň abadan, ýurduň parahat, ene topragyň rysgal-bereketli, nesilleriň dowamat-dowam bolmagy ugrunda jan aýaman göreşen pederlerimizden miras galandyr. Halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň başyna agyr hasraty, külpeti salan urşuň gutaranyna 78 ýyl geçenem bolsa, henizler hem onuň kalplara salan ýarasy bitenok. Agyr jeňde wepat bolan esgerleriň, mukaddes ojagyna dolanyp gelip, aramyzda gezip ýören uruş weteranlarynyň, gaýduwsyz, baýdak deý gyz-gelinlerimiziň gahrymançylyklary ýaş nesillere. nusgalykdyr. Halkymyz Watan üçin şirin janlaryny pida eden gahrymanlaryny unutmaýar. Olary ýatlamak biziň mukaddes
borjumyzdyr.

TSTP Aşgabat şäher komiteti