Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Sport sagdynlygyň sakasy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda Mary şäher 4-nji sport mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sport sagdynlygyň sakasy” atly sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda ýaryş geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaklyga, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmeklige gönükdirilen işler barha giň gerime eýe bolup, olar jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk binýadynyň kemala gelýändigini äşgär edýär. Sport döwleti hökmünde halkara derejede ykrar edilen ata Watanymyzda dürli gatlaklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri we beýleki sport çärelerini geçirmegiň asylly däbe öwrülmegi Gahryman Arkadagymyzdan dowam edip gelýän nusgalyk göreldäniň hemmeler üçin ýörelgediginiň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle çäreleriň sporta bolan söýgini artdyryp, agzybirligi, jebisligi has-da pugtalandyrmakda ähmiýetiniň örän uludygy aýratyn bellärliklidir. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” hem sportda kämilleşýän ýaş nesilleriň dürli ýaryşlara gatnaşyp, mukaddes Tugumyzy belentde parlatjakdyklaryna, ýurdumyzyň sport abraýyny arşa göterjekdiklerine berk ynanýarys. Munuň şeýle bolmagy üçin Arkadagly Serdarymyz ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýär. Goý, adamlaryň saglygy, bagtly durmuşda ýaşamaklary, ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetler bolup ýetişmekleri, olaryň sportda taplanmaklary üçin yzygiderli aladalanýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

TSTP