Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

Ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlary höweslendirilýär

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Baýramaly Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary we orta hünär mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlary telekeçilik işine çekmek maksady bilen, “Ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlary höweslendirilýär” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar kemala gelýär. Dünýäniň ösen tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan bilim edaralarynda ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasiýa ösüşiniň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak şeýle-de ýaşlaryň telekeçilik işi bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin goldaw-hemaýatlar berilýär. Ýaş nesil hakyndaky köpugurly döwlet aladasy Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Berkararlygyň rowaç menzillerini külterleýän eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan şeýle beýik işler her bir ildeşimizi, esasan hem, ýaş nesillerimiziň köňül guşuny ganatlandyrýar, ylym-bilim älemine düýpli aralaşmaga ruhlandyrýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP