Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlara Arkadagyň pähmi ýörelge

2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi bilelikde gurnamagynda Mary welaýat Maliýe- ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek we Gahryman Arkadagymyzyň berýän öwüt-ündewlerini durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlara Arkadagyň pähmi ýörelge” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar kemala gelýär. Dünýäniň ösen tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan bilim edaralarynda ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasiýa ösüşiniň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesil hakyndaky köpugurly döwlet aladasy Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň kepilidir diýip aýtdylar. Berkararlygyň rowaç menzillerini külterleýän eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan şeýle beýik işler her bir ildeşimizi, esasan hem, ýaş nesillerimiziň köňül guşuny ganatlandyrýar, ylym-bilim älemine düýpli aralaşmaga ruhlandyrýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP