Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Täze eýýamda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda  “Täze eýýamda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär” atly maslahat  geçirildi.

Çykyşlarda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary, şol sanda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürilýär. Dostlukly döwletler bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, hususy pudak boýunça gatnaşyklar ägirt uly kuwwata eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň Bahreýn Patyşalygyna resmi saparynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de dostlukly ýurduň ýokary döwlet sylagyna — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordenine mynasyp bolmagy bu gatnaşyklaryň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu sylag Arkadagly Serdarymyzyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly şahsy goşandynyň, sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýändiginiň ykrarnamasydyr. Ol Türkmenistana we onuň halkyna çuňňur hormatyň, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň nyşanydyr. Arkadagly Serdarymyzy bu hormatly sylaga — Bahreýniň Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordenine mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, jogapkärli döwlet işinde geljekde-de uly üstünlikleri, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP