2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda welaýat Nebit-gaz orta hünär okuw mekdebinde ýaşlary telekeçilik işine höweslendirmek boýunça “Watanyň ganaty, zynaty ýaşlar” atly duşuşyk geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş neslimiziň ýagty geljegini nazarlaýan beýik işleri durmuşa geçirýär. Şunda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrylýan işler aýratyn orun eýeleýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlar hakyndaky alada ýurdumyzda ýöredilýän syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu günki günde ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimli bolmaklary üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem ýaşlaryň döwrebap bilimli bolmaklary, sanly tehnologiýalara düşünmekleri üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlara döwrebap bilim bermek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini düşündirmek, dünýä dillerini öwretmek, milli ruhda terbiýelemek bilim ulgamynda amala aşyrylýan işleriň baş maksady bolup durýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylýan her bir üstünlik ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilýän häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz Diýarymyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
TSTP