Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistanyň Halk maslahaty – Demokratik ösüşiň täze tapgyry

2023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda  “Türkmenistanyň Halk maslahaty – Demokratik ösüşiň täze tapgyry” atly maslahat geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň  — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji  günleriniň taryhy wakalary guwanç  duýgusyny döredýär. Täze ýylda-da  Garaşsyz, baky  Bitarap döwletimiziň ösüş-özgerişli ýoly rowaçlanýar. Golaýda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty üstümizdäki ýylyň möhüm wakasy  boldy. Bu maslahatda  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çuň manyly çykyşy oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Giň wekilçilikli bu maslahatda oňa gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamaklarynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunlary kabul edildi. Has takygyny aýtsak, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna  üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion Kanuna laýyklykda, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we  goşmaçalar girizildi. “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Konstitusion  Kanuna laýyklykda bolsa, milli parlamentiň işini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen konstitusion kanunçylyk biragyzdan Kabul  edildi. “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Konstitusion Kanun il-günümizde guwanç duýgusyny döretdi. 

Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandymyzy goşmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza, Milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýarys.

TSTP