Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Milli kanunçylyk ösüş ýolunda” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Agzybir türkmen halkymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanylan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, sözüň doly manysynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda özüniň berekedi, şöhraty-şany, bolçulygy, abadançylygy, toý-baýramlary, halkymyzyň müdimilik bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ýatdan çykmajak buýsançly we guwançly wakalary, berekediň, bolçulygyň nyşany bolan ene topragymyzy bezän ak gary bilen güneşli Diýarymyza doldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna örän şatlykly waka bilen gadam basylmagy agzybir türkmen halkymyzy, ylaýta-da, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň agzalaryny begendirdi, guwandyrdy we ruhlandyrdy. 11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň we Halk Maslahatynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň eziz Diýarymyzda halk häkimiýetiniň wekilçilikli edarasyny — Halk Maslahatyny döretmek baradaky döwletli başlangyjy hem-de Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek hakyndaky” Permany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary tarapyndan uly şatlyk we buýsanç bilen gyzgyn garşylandy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Halk Maslahaty ata-babalarymyzdan miras galan halk demokratiýasynyň institutlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün eder. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, halkymyzy röwşen geljege tarap alyp barýan döwlet we halk bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.
TSTP