Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar , goşa ganat bilen belentdir başlar!

2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar, goşa ganat bilen belentdir başlar!” atly maslahaty geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesine eýerilip, ýurdumyzda  her bir ýyly ajaýyp şygar bilen  atlandyrmak asylly däbe öwrüldi.  Atakesbini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze — 2023 –nji  ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar  ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy bütin halkymyzy, aýratynam, ýaşlary çäksiz begendirdi.  Çünki, Arkadagly Serdarymyz Watanymyzyň geljegi  bolan  ýaşlar barada: “Giň gözýetimli  ýaş nesli kemala getirmek ilkinji  nobatdaky wezipedir” diýip, buýsançly belleýär. Goý, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip atlandyrylan  2023-nji ýyl il-günümize şan-şöhrat getirsin! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzy belent-belent sepgitlere ýetirsin! Nesip bolsa bu ajaýyp şygar ýaşlary has-da höwesli ylym-bilim almaga, döredijilikli zähmet çekmäge, joşgunly döretmäge ruhlandyrar. Ýaşlar hakynda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly  Serdarymyza ýaş nesilleriň alkyşlary dillerde sena bolup ýaňlanýar.

TSTP