Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Garaşsyz Watanyň Bagtyýar nesli

2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölünminiň bilelikde gurnamagynda birleşmäniň mejlisler jaýynda  2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Garaşsyz Watanyň Bagtyýar nesli” atly maslahaty  geçirildi.

Çykyşlarda  Türkmen halky uly ruhubelentlik bilen Täze — 2023-nji ýyly garşy aldy. Ýylyň-ýylyna mynasyp at goýlup, şol şygaryň astynda beýik işleriň amala aşyrylmagy bizi diýseň buýsandyrýar.  2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy bolsa, ähli türkmen halkyny şatlygyny goşalandyrdy. Çünki, ýaş nesillere  uly ynam bildirilýän zamanamyzda ýola goýulýan bimöçber işleriň Türkmenistan döwletimiziň hem-de türkmen halkynyň gülläp ösmegine uly itergi berjekdigi şübhesizdir.  Nesip bolsa, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” her bir aýy, güni uly üstünliklere, beýik  ösüşlere beslener. Ynsan kalbyny buýsandyrýan döwrümizde gadamlar  öňe bolup, belent üstünliklere ýetilsin! Şeýle nurana şygara beslenen 2023-nji ýylymyz Hormatly  Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşli  ýyl bolsun!

Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. 

TSTP