Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Ýaşlar Döwletimiziň nurana geljegi

2022-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi B.Çopanowyň önümçilik sehinde ýaşlarymyzyň zehinli we bilimli bolmagy hem-de geljekde ata – Watanymyza diňe oňyn netijeleri gazanyp diňe öňe gitmekleri üçin ähli zerur çäreleri görmek maksady bilen, “Ýaşlar Döwletimiziň nurana geljegi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň wajyp ugry ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladadyr. Ýurdumyzda ylym we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar ylmyň gazananlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Önümçilige innowasion tehnologiýalary pug­ta ornaşdyrmak bilen milli ykdysadyýetiň kuwwaty artdyrylýar, ýaşlaryň bilim derejesi ýokarlandyrylýar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy baradaky wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bizi buýsandyrýar. Häzirki wagtda bilim ojaklarymyzda okatmagyň interaktiw usullarynyň hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň netijeli bolmagyna örän uly ýardam edýär. Ýaşlaryň özleri baradaky aladalara jogap edip, okamaga, öwrenmäge, döretmäge bolan höwesleri has-da artýar. 

Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr.

Hormatly Prezidentimiziň jany sag, beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

TSTP