Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty – bagtyýar durmuşyň gözbaşy

2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, “Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty – bagtyýar durmuşyň gözbaşy” atly maslahat geçirildi.

Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garasyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty barada giňden gürrüň etdiler. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumy milli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň  netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemme taraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Sanly ulgam arkaly geçen Döwlet Maslahaty “Halkyň Arkadagly zamanasy”  ýylynda ata Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Döwlet Maslahatynyň geçirilendigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, ösüş ýoluna pugta ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup girdi diýip belläp geçdiler.

Oňa gatnaşanlar Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP