Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Garaşsyzlyk – bagtymyzyň zynaty

2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlyk – bagtymyzyň zynaty”  atly maslahat geçirildi.

Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň abadan, parahat, bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek üçin uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar. Giňden we dabaraly bellenilýän baýramçylyklaryň her biri gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri aýan edýär, halkymyzyň durmuş bagtyýarlygyny, Watanymyzyň ösüşlerini dünýä ýaýýar. Şeýle baýramlaryň biri-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlyk günüdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde döwletimiziň içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzy durmuş- ykdysady taýdan ösdürmek, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak boýunça örän köp işler edildi, uly üstünlikler gazanyldy, belent sepgitlere ýetildi. Biz muňa Garaşsyzlygymyzyň geçen 31 ýylynyň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Täze döredilen obalar we şäherçeler, gurlup ulanylmaga berlen, milli  ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna degişli bolan medeni-durmuş, önümçilik desgalary, şol sanda bilim-terbiýeçilik edaralary munuň mysallarydyr. Türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygynyň baky bagtyna deňeýär diýip aýtdylar.

Oňa gatnaşyjylar Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gazanylýan üstünlikleriň her biri Garaşsyzlyk döwrümiziň senenamasy baýlaşdyrýar. Eziz Watanymyzy ösüşlere besleýän  Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP