Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Täze eýýamda Hormatly Prezidentimiziň ösüş – özgerişler syýasaty galkynýar

             2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bölüminiň mejlisler jaýynda “Täze eýýamda Hormatly Prezidentimiziň ösüş – özgerişler syýasaty galkynýar” atly maslahat geçirildi.                                                                                                                              Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda bolmagy. Alym Arkadagymyz sebitdäki işleriň ýagdaýy, ilatyň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşmagy hem-de Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň talypdyr mugallymlary bilen duşuşygy dogrusynda çykyşlarda buýsanç bilen belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän instituta gelip, talyp ýaşlara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddesliklerimizi sarpalamak, has-da baýlaşdyrmak şeýle-de ýaş nesillerde watansöýüjiligi terbiýelemek uly ähmiýet berilmegi möhümdir diýip belläp geçdiler. Bu ýene-de ýaş nesillerimiz barada edilýän atalyk aladanyň aýdyň subutnamasy boldy.                                                                                                                                  Maslahata gatnaşyjylar şeýle ajaýyp döwürde, eziz Watanymyzda eşretli durmuşyň hözirini görmek, halal zähmet çekmek bagtdyr. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş beren, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

TSTP