Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Täze gazanylýan ösüşlerde tehnologiýalaryň orny

2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Ak hünji” hususy kärhanasynda ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak maksady bilen “Täze gazanylýan ösüşlerde tehnologiýalaryň orny” atly duşuşyk geçirildi.

Oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe işleri döwrüň talabyna görä, yzygiderli kämilleşdirmek, täze tehnologiýalary giňden peýdalanmakda ýaşlary ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly hem-de ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmekde ýurdumyzda hususy pudakda alnyp barylýan özgertmelerde tehnologiýalaryň orny barada. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda hususy pudagy we telekeçiligi ösdürmek meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwürdi. Döwletimizde hususy pudagynyň işiniň goldamak arkaly ilatyň dürli gatlaklaryny telekeçilik işine çekmek işi hem ýokary derejede alnyp barylýar belläp geçdiler. 

          Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

TSTP