Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynda sazlaşykly ösüşler gazanylýar

2022-nji ýylyň 22-nji iýuly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynda sazlaşykly ösüşler gazanylýar” atly maslahat geçirildi.

Çykyşlarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzda Gahryman Arkadagymyz  tarapyndan başy başlanan daşary  syýasat  ugry döwlet Baştutanymyzyň  — Arkadagly Serdarymyzyň dowam etmeginde ösüşiň hil  taýdan täze belentliklerine göterilýär.  Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ählumumy  parahatçylygy  we howpsuzlygy üpjün etmäge  niýetlenen “Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň, Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Bu Konsepsiýa ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk derejesini  durmuşa geçirmäge, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, halkara gatnaşyklarynyň durnukly  ösüşine hemme taraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň goňşy Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary giň gerimli gatnaşyklary  çuňlaşdyrmakda Türkmenistanyň  daşary syýasat  strategiýasynyň netijeli halkara gatnaşyklarynyň ýoly bilen üstünlikli durmuşa geçýändiginiň subutnamasy boldy.  Sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ileri tutulýan ugruny kesgitledi.  Häzirki wagtda biziň Garaşsyz döwletimizde ata-babalarymyzyň  parahatçylyk, abadançylyk, asudalyk baradaky arzuw-islegleri hasyl bolýar diýip belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşyjylar bütin dünýäde parahatçylygyň we abadan durmuşyň gülläp ösmegi ugrunda tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli  we umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.

TSTP