Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Bagtly geljegiň binýady

2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Lälezar zaman” hususy kärhanasynda ýaşlarymyzyň zehinli we bilimli bolmagy hem-de geljekde ata – Watanymyza diňe oňyn netijeleri gazanyp öňe gitmekleri üçin ähli zerur çäreleri görmek maksady bilen, “Bagtly geljegiň  binýady” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

        Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ýaşlara telekeçiligiň hukuk ýagdaýyny we netijeli işlemeginiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döretmek hem-de telekeçiligiň hususy başlangyçlar esasynda netijeli işlemegini kämilleşdirmek  barada giňden gürrüň edildi. Ýurdumyzda hususy ulgamyň ösüşini geljekde has-da ýokarlandyrmak üçin ýaşlara telekeçilik işini, bu ulgamda döredilýän ýeňilliklerden peýdalanmagy, dünýäniň ösen döwletlerinde bu ugurda gazananlar bilen birlikde, türkmen telekeçileriniň toplan tejribelerini, ýaşlary telekeçilige çekmek, olara zerur bilim başarnyklary öwretmek barada belläp geçdiler. Ýurdumyzda agzybir, halal tutan ýerli we maksada okgunly işlemek hem-de ata-babalarymyzdan gelýän halallyk ýörelgelerini berkitmek barada beýan etdiler. Oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

TSTP