Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly: belent sepgitlere tarap

2022-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly: belent sepgitlere tarap” atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda: Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirmeginde ýurdumyzda telekeçilige giň ýol açylyp, türkmen telekeçilerine öndürmäge, gurmaga, ilata dürli hyzmatlary bilen ýardam etmege ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan welaýatymyzyň telekeçilerem il-gün bähbitli işleri bitirýärler. Hususyýetçilerimizi ýadawsyz aladalary netijesinde halkyň ýokary hilli harytlara we önümlere bolan isleginiň has doly kanagatlandyrymagy esasy wezipe edinýärler. Şeýle guwançly işleriň bady üstümizdäki — Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda-da barha artýar. Welaýatymyzyň çäginde gurlup, ulanylmaga berilýän hususy kärhanalaryň sany ýylsaýyn köpelýär. Esasy maksatlarymyzyň biri Hormatly Prezidentimiziň biz telekeçileriň öňde goýan wajyp wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna jemlemekden ybaratdyr diýip aýtdylar. Maslahata gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza öz alkyş sözlerini beýan etdiler.

TSTP