Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Ýaş nesiller ýurdumyzyň geljegidir

Ýaş nesiller ýurdumyzyň geljegidir 2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Hojaly” hojalyk jemgyýetinde ýaşlarmyzyň zehinli we bilimli bolmagy hem-de geljekde ata – Watanmyza diňe oňyn netijeleri gazanyp, öňe gitmekleri üçin ähli zerur çäreleri görmek, maksady bilen “Ýaş nesiller ýurdumyzyň geljegidir” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyşlarda: Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek we wagyz-nesihat etmek biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Türkmenistanda ýaşlara telekeçiligiň hukuk ýagdaýyny we netijeli işlemeginiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döretmek hem-de telekeçiligiň hususy başlangyçlar esasynda netijeli işlemegini kämilleşdirmek, ýurdumyzda hususy ulgamyň ösüşini geljekde has-da ýokarlandyrmak üçin ýaşlara telekeçilik işini, bu ulgamda döredilýän ýeňilliklerden peýdalanmagy, dünýäniň ösen döwletlerinde bu ugurda gazanylanlar bilen birlikde, türkmen telekeçileriniň toplan tejribelerini, ýaşlary telekeçilige çekmek, olara zerur bilim başarnyklary öwretmek barada belläp geçdiler. Şeýle-de ata-babalarymyzdan gelýän halallyk ýörelgelerini berkitmek, tertip-düzgünlerini, berjaý etmek şeýle hem türkmen zenanlaryna mahsus bolan gylyk-häsiýetler, olaryň tebigy gözelligi dogrusynda, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, gelin-gyzlaryň el hünäriniň gudraty barada giňden gürrüň edildi. Oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

TSTP