Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

Parahatçylygyň we ynsanperwerligiň taglymatlary durmuşa geçirilýär

2022-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Parahatçylygyň we ynsanperwerligiň taglymatlary durmuşa geçirilýär” atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda: “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň gülläp ösmegi, agzybir halkymyzyň parahat, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar, ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar, berkarar döwletimiziň halkara abraýy barha belende göterilýär. Bagtyýar durmuşymyzyň şatlykly wakalary, geçirilýän halkara forumlar, hyzmatdaşlyklar agzybir halkymyzy beýik işlere höweslendirýär. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikler döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar diýip aýtdylar. Çykyş eden myhmanlar maslahaty jemläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadagly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

TSTP