Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Ýaşlar – Watanmyzyň beýik geljegi

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi B.Çopanowyň önümçilik kärhanasyndaýaşlarmyzyň zehinli we bilimli bolmagy hem-de geljekde ata – Watanmyza diňe oňyn netijeleri gazanyp, öňe gitmekleri üçin ähli zerur çäreleri görmek maksady bilen şeýle-hem ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, edim gylymlarymyz, urp-adatlarymyz nesilden nesle geçip häzirki günlerde-de dowam etdirmegi hem nazara alyp “Ýaşlar – Watanmyzyň beýik geljegi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çykyşlarda: Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründeata-babalarymyzdan miras galan milli ýol ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, edim gylymlarymyz, urp-adatlarymyz nesilden nesle geçip häzirki günlerde-de dowam etdirmegi barada wagyz  etdiler. Şeýle hem türkmen zenanlaryna mahsus bolan gylyk-häsiýetler, olaryň tebigy gözelligi dogrusynda, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, gelin-gyzlaryň el hünäriniň gudratyndan kemala gelýän dürli keşdeler bilen sünnälenip bejerilýän kürtedir çabytlary, läle-reýhana çalymdaş keteni köýnekleriň, türkmeniň milli egin-eşikleriniň türkmen gelin-gyzlarynyň bezegidir diýip belläp geçdiler hem-de birnäçe maslahatlary berdiler. 

Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

TSTP