Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Döwletli tutumlar-ösüşleriň täze tapgyryna badalga

 2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary  mejlisiniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek, wagyz-nesihat etmek maksady bilen, “Döwletli tutumlar-ösüşleriň täze tapgyryna badalga” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde  ilkinji nobatda, Watanyň hem halkyň bähbidine garaldygy. Şeýle-de meseleleriň käbiri bir aýa, bir ýyla däl-de, eýsem 30 ýyla gönükdirilendir. Mejlisde geçen ýylyň jemleriniň jemlenilmegi we şu ýyl üçin maksatnamanyň, şeýle hem Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 30 ýyllyk maksatnamasynyň kabul edilmegi, Hormatly Prezidentimiziň bularyň hersi hakynda aýratynlykda çykyş etmegi, orta atylan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, edilen çykyşlar örän täsirli boldy diýip belläp geçdiler we bular barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyş edenler halkymyzyň geljegi ugrunda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.  

TSTP