Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

Halk Maslahaty ýurdumyzyň ösüşine täze tapgyryna badalga

2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde gelip çykýan wezipeleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen, “Halk Maslahaty ýurdumyzyň ösüşine täze tapgyryna badalga ” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň täze  eýýamynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde röwşen geljegimizi nazarlaýan taryhy çözgütler kabul edildi. Taryhy günde geçen 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri-de seljerilip, “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan 2022-nji ýyl üçin möhüm maksatnamalar kabul edildi. Ýurdumyzy geljek 30 ýylda, ýagny 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy hem tassyklanyldy. Nesip bolsa, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, öz tejribelerimizi ýaşlara öwretmegi dowam etdireris, olaryň has-da kämilleşmeklerine öz goşandymyzy goşarys diýip belläp geçidiler. Halkymyza eşretli döwrany peşgeş beren Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP