Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Rowaçlygyň ýoly bilen – täze üstünliklere badalga

       2022-nji ýylyň 27-nji  ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündürmek, wagyz etmek maksady bilen, “Rowaçlygyň ýoly bilen – täze üstünliklere badalga” atly maslahat geçirildi.

Geçirilen bu maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çäreler yzygiderli geçirilýär. Ynha şu ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçiriler. Mu­nuň özi, birinjiden, 2022-nji — “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen ýylyň giň gerimli başlangyçlar bilen başlanýandygyny aň­latsa, ikinjiden, uly, anyk işleri we taslamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ruhlandyrýar. Mejlisde ýurdumyzyň mundan beýläk-de has okgunly ösdürilmeginiň üpjün edilmegine, oňyn durmuş-ykdysady, syýasy-medeni we demokratik özgertmeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen 30 ýyllyk maksatnamany kabul etmek göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi, beýik başlangyçlary halkymyzy maksada okgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar diýip, belläp geçdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP